Warank: "Howplara garşy Liwiýa bilen bilelikde iş alyp barýarys" diýdi

Warank, Liwiýanyň Merkezi bankynyň başlygy Saddek Elkaber bilen duşuşyk geçirdi

1485744
Warank: "Howplara garşy Liwiýa bilen bilelikde iş alyp barýarys" diýdi

Türkiýäniň Senagat we Tehnologiýa ministri Mustafa Warank: "Türkiýe bilen Liwiýa ykdysady, syýasy we harby ugurlar boýunça ençeme howpa garşy ýüz-ýüze. Bir bölegi umumy bolan bu howplara garşy biz Liwiýa bilen bilelikde iş alyp barýarys. Alyp barýan işlerimizi has hem berkitmek üçin ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge taýardyrys" diýip belledi. 

Senagat we Tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Liwiýanyň Merkezi bankynyň başlygy Saddek Elkaber we ýanyndaky wekiliýet bilen Stambulda duşuşyk geçirdi. 

Ministr Warank duşuşykdan ozal: "Şu gün Liwiýanyň Merkezi banky bilen hyzmatdaşlyk protokolyna gol çekişeris. Liwiýadaky işewür dünýäniň ekoulgamynyň ösmegi üçin goşant goşarys, maliýe hyzmatlaryň tehnologik mümkinçiliklerini we binýadyny berkideris, maliýe ulgamynda täze çykan tehnologiýalaryň ulanylyş ugurlaryny bilelikde serljereris, ýerli zerurlyklary göz öňünde tutup ýaşlara tehnologik merkezleri dörederis. Öňümizdäki günlerde esasan hem tehnologik häsýetli işleri goldamak maksady bilen gaznalaryň döredilmegi ýa-da ýurdumyzdaky gaznalara maýalaryň goýulmagy babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň edilmegi bilen bagly göçümler bolar" diýip nygtady. 

Gol çekişjek hyzmatdaşlyk şertnamasynyň iki tarapa hem düşümli bolmagyny dilän Warank: "Liwiýaly doganlarymyzyň durnuklylygy, asudalygy we ykdysady galkynyşy üçin bilelikde işlemäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Liwiýanyň Merkezi bankynyň başlygy Saddek Elkaber hem Türkiýäniň bank ulgamyny ýakyndan gözegçilik edýändiklerini belläp, Türkiýäniň bank pudagynda ýeten sepgidiniň ösen ýurtlardaky bank pudagy bilen ýaryşjak derejä ýetendigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #bank , #Liwiýa , #Mustafa Warank

Degişli Habarlar