Wenesuela Russiýa bolan bergisini rubl bilen berdi
Wenesuela ABŞ-nyň goýan sanksiýalary sebäpli Russiýadan Amerikan dollary görnüşinde alan karzynyň bir bölegini rubl bilen bermeli boldy
“Sputnik” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Wenesuela Russiýadan alan 3,15 milliard dollara barabar karzynyň möhleti gutaran bölegini rubl bilen berdi.
Russiýanyň Maliýe ministriniň orunbasary Sergeý Stroçak “RBJ” saýtyna beren beýanatynda: “Bergidarlaryň ählisine şeýle hukuk we şert döredýäris. Bu olaryň işlegine bagly” diýdi.
ABŞ-nyň Wenesuela goýan sanksiýalary onuň bergisini Amerikan dollary bilen bermegini mümkin bolmadyk ýagdaýa düşürdi. Wenesuela Russiýa bolan bergisiniň 100 million dollarlyk ilkinji bölegini geçen aprel aýynda beripdi.
Degişli Habarlar
Dokma Senagatynyň Eksporty Artýar
Dokma öndürijiler 183 ýurda we erkin söwda zolagyna önümlerini eksport etdi.
THÝ Owganystana Uçar Saparlaryny Başladýar
THÝ-nyň Stambul-Kabul uçar saparlary hepde-de 4 gün amala aşyrlar