Wujij işewür adamlaryny Türkiýede maýa goýmaga çagyrdy

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij Türkiýe-Serbiýa İşewürler Maslahatyna gatnaşdy

1283718
Wujij işewür adamlaryny Türkiýede maýa goýmaga çagyrdy

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij serp işewürlerine: “Pursatdan peýdalanyň we Türkiýä nähili maýa goýjakdygyňyzy, Türkiýeden nähili maýadar çekip biljekdigiňizi seljeriň” diýdi.

Wujij Prezident R.T.Erdoganyň saparynyň çäginde Serbiýa köşkünde geçirilen Türkiýe-Serbiýa İşewürler Maslahatynda çykyş etdi.

Balkan ýurtlarynyň arasynda Türkiýe bilen iň ýokary söwda gatnaşyklara Serbiýanyň eýedigini nygtan Wujij, türk işewürlerini Serbiýada goýýan maýa goýumlarynyň mukdaryny artdyrmaga çagyrdy.

Prezident Erdoganyň Türkiýede häkimiýet başyna geçen ýyllarynda 3,5 müň dollara barabar bolan adam başyna düşýän milli girdejiniň 11 müň dollara ýetendigine ünsi çeken Wujij: “Maňa şeýle üstünlik gazanan başga lider görkeziň” diýdi.

Wujij Türkiýäniň dürli daşarky basyşlaryň ählisiniň hötdesinden gelendigini belläp: “Türk halky iňňän işeňňir halk. Prezident Erdogan bolsa ýurdunyň galkynmagyna ömrüni bagşeden adam” diýdi.

Serp işewürlerine maslahat beren Wujij: “Pursatdan peýdalanyň we Türkiýä nähili maýa goýjakdygyňyzy, Türkiýeden nähili maýadar çekip biljekdigiňizi seljeriň” diýip ýüzlendi.

 



Degişli Habarlar