Yrak nebit önümçiligini azaldar

Nebit eksport edýän ýurtlar guramasyna (OPEC) agza ýurtlaryň we agza bolmaýan nebit çykaryjy ýurtlaryň gündelik nebit önümçiliklerini azaltmak baradaky kararyň çäginde, Yrak gündelik nebit önümçiligini 139 müň barrel azaldar

1103325
Yrak nebit önümçiligini azaldar

Yragyň Nebit ministri Samir Gazban, çap eden ýazmaça beýanatynda, OPEC-e agza ýurtlaryň we agza bolmaýan nebit çykaryjy ýurtlaryň gündelik nebit önümçiliklerini azaltmak baradaky kararyň çäginde ýurdunyň gündelik nebit önümçiliklerini 139 müň barrel azaltjakdygyny mälim etdi.

Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen V OPEC we OPEC-e agza bolmaýan ýurtlaryň maslahatynda, OPEC-e agza ýurtlar gündelik 800 müň barrel, OPEC-e agza bolmaýan ýurtlar bolsa 400 müň barrel nebit öndürijiligi azaltmak barada karar kabul edildi.

OPEC-e agza we gurama agza bolmaýan ýurtlaryň nebit önümçiliklerini azaltmak baradaky kararyň çäginde, Saud Arabystanynyň 500 müň barrel, Russiýanyň bolsa 228 müň barrel nebit önümçiliklerini azaltjakdygy habar berildi.


Etiketkalar: #Yrak , #nebit , #önümçilik

Degişli Habarlar