46-njy Berlin Marafony geçirildi

Germaniýada geçirilen 46-njy Berlin marafonynda erkekleriň arasynda efiopiýaly Kenenisa Bekele, zenanlaryň arasynda bolsa ýene-de efiopiýaly Ashete Bekere 1-nji boldy

1278377
46-njy Berlin Marafony geçirildi
Kenenisa Bekele.jpg

Paýtagt Berlinde geçirilen marafonda erkekleriň arasynda Kenenisa Bekele, 2.01.41-lik dereje bilen 1-nji boldy. 

Ýaryşda efiopiýaly türgen Birhanu Legese 2.02.48-lik dereje bilen 2-nji, efiopiýaly Sisaý Lemma bolsa 2.03.36-lyk dereje bilen 3-nji boldy. 

Zenanlaryň arasynda bolsa efiopiýaly Ashete Bekere 2.20.14-lik dereje bilen 1-nji boldy. 

Efiopiýaly Mare Dibaba 2.20.21-lik dereje bilen 2-nji, Keniýalu Sally Çepýego bolsa 2.21.06-lik dereje bilen 3-nji boldy. 

Berlin Marafonyna şu ýyl 47 müň türgen gatnaşdy. 

 


Etiketkalar: #Efiopiýa , #marafon , #Berlin

Degişli Habarlar