5 Aýda 12 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi

5 aýda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişi döwrüne görä 207,10 göterim artdy.

1845801
5 Aýda 12 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýannama görä, üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe Türkiýä 12,7 million syýahatçy geldi.

Ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde Türkiýä gelen syýahatçylaryň 11 million 301 müň 602-si daşary ýurtlylardan, 1 million 408 müň 829-y bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlaryndan ybarat.

5 aýda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişi döwrüne görä 207,10 göterim artdy.

Şu ýyl Germaniýadan 1 million 308 müň 721, Bolgariýadan 945 müň 979, Russiaýdan 853 müň 590 syýahatçy geldi.

Maý aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany bolsa 308, 48 göterim artyp 3 million 824 müň 555 adama ýetdi.

 

 

 



Degişli Habarlar