8600 Ýyllyk Çörek Tapyldy

Konýanyň Çumra etrabynda ýerleşýän neolitik döwürde 8 müň adamyň ýaşan Çatalhoýýuk sebitinde geçirilen gazuw agtaryş işinde 8600 ýyllyk “çörek” tapyldy.

2111354
8600 Ýyllyk Çörek Tapyldy

Dünýäde şäherleşmäniň ilkinji merkezlerinden biri bolan Çatalhoýýukda  ýokarda girilýän, biri-birine bitewi kerpiç öýleriň ýerleşýäň “Mekan 66” atlandyrylýan ýerde ojagyň galyndysy tapyldy.

Esasy bölegi zaýalanan ojagyň daşynda bugdaý, arpa, goroh tohumlary bilen azyk bolandygy çaklanylýan aýa ululygyndaky galyndy tapyldy.

Nejmettin Erbakan uniwersitetiniň Ylym we tehnologik barlag hem-de tejribe merkezinde geçirilen seljeriş işinde maçalka meňzeş galyndynyň biziň eýýamymyzdan ozalky 6600-njy ýyla degişli hamyrmaýaly çörekdigi anyklandy.

Gazuw-agtaryş toparynyň başlygy Dosent Ali Umut Türkjan, hamyrmaýaly çöregiň ilkinji nusgalaryna Müsürde gabat gelinendigini beýan edip; “Çatalhoýýukdaky bu tapyndynyň dünýäniň iň gadymy çöregidigini aýdyp bileris. Bu organiki galyndynyň seljeriş işleri we senesi göz öňünde tutulanda 8600 ýyllykdygyny çaklaýarys. Buhanka çöregiň kiçelgilen görnüşi. Ortasyna barmak basylypdyr, ojağa girmändir, ýöne hamyrmaýaly, düzümindäki krahmallar bilen biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şu günki güne çenli şeýle tapyndy ýok” diýdi.



Degişli Habarlar