Andorra 0-2 Türkiýe

Türkiýe Andorra  bilen geçiren duşuşygyny şeýlelik bilen 2-0 hasabynda tamamlady

1308111
Andorra 0-2 Türkiýe

Ýewropa Futbol Çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäginde H toparynda oýnaýan Türkiýäniň Milli futbol ýygyndy topary, soňky duşuşygynda Andorranyň ýygyndysyny 2-0 hasabynda ýeňdi.

Final oýunlarynda oýnamagy ozal Islandiýa bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde kepillik astyna alan Türkiýäniň ýygyndysy, Andorra bilen geçiren duşuşygyndan soň jemi 23 bal alyp, öz toparyny 2-nji bolup tamamlady.

Duşuşygyň 18-nji minudynda Enes Ünalyň atan pökgüsi bilen 1-0 hasaby bilen öňe geçen Türkiýäniň ýygyndysy, 21-nji minutda ýene-de Enes Ünalyň penalty urgusyndan atan goly bilen hasaby 2-0 etdi.

Türkiýe Andorra  bilen geçiren duşuşygyny şeýlelik bilen 2-0 hasabynda tamamlady.  



Degişli Habarlar