Ankarada ArtAnkara Halkara häzirki zaman çeperçilik sergisi öz işine başlady

8 uniwersitet we 110 galareýanyň gatnaşýan sergi 10-njy marta çenli dowam eder

2112495
Ankarada ArtAnkara Halkara häzirki zaman çeperçilik sergisi öz işine başlady

Türkiyäniň paýtagty Ankara şäherinde ArtAnkara Halkara häzirki zaman çeperçilik sergisi öz işine başlady.

1600 sungat işgäriniň gatnaşýan sergide, 8 müň sungat eseri sergilenýär. 

Serginiň çäginde 50-den gowrak konsert, 32 söhbetdeşlik we 100-den gowrak seminar geçiriler. 

2024 Türkiye-Wengriýa Medeniýet ýyly çäreleriniň çäginde sergide 5 wenger sungat adamsynyň eseri sergilenýär. 

Eýýäm 10 ýyl bäri geçirilýän sergä, ilkinji gezek gatnaşýan sungat adamlary hem bar. 

8 uniwersitet we 110 galareýanyň gatnaşýan sergi 10-njy marta çenli dowam eder. 


Etiketkalar: #sergi , #ArtAnkara

Degişli Habarlar