Antalýa 1 günde 9 ýurtdan 36 uçar geldi

Iýul aýynyň 1-7-i aralygynda Antalý daşary ýurtly 27 müň 83 syýahatçy geldi

1452070
Antalýa 1 günde 9 ýurtdan 36 uçar geldi

 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy gören giň gerimli çäreleri bilen syýahatçylara uly mümkinçilik hödürleýän Antalýa 1 hepdede daşary ýurtly 27 müň 83 syýahatçy geldi.

Deňizi, gumagy we güneşi bilen birlikde kanýonlary, taryhy we syýahatçylyk merkezi bilen ünsleri özüne çekýän Antalýa, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde kadalaşma etabynda Gazagystanyň, Belarusyň we Ukrainanyň başda durmagynda dünýäniň çar tarapyndan gelen syýahatçylara ýer eýeçiligini edýär.

Geçen aý şähere daşary ýurtly 21 müň 44 syýahatçy geldi.

Iýul aýynyň 1-7-i aralygynda bolsa daşary ýurtlardan gelen syýahatçylaryň sany 27 müň 83 adama ýetdi.

Antalýa Myhmanhanaçylar jemgyýetiniň başlygy Ülkaý Atmaja, Türkiýede koronawirusyň mart aýynda hasaba alynmagyndan soň ilkinji gezek iýul aýynda Antalýa daşary ýurtlarda uçarlaryň gelmäge başlandygyny aýtdy.

Atmaja “Antalýa 5-nji iýulda çarter saparlar bilen 9 ýurtdan 36 şäherden myhman aldy” diýip belledi.



Degişli Habarlar