Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 2 million adamdan geçdi

Syýahatçylaryň sanynyň epidemiýa döwründe 2 milliondan geçmegi, pudaga oňyn täsir ýetirdi

1491820
Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 2 million adamdan geçdi

"Syýahatçylygyň paýtagty" Antalýa şäherinde 1-nji ýanwar-13-nji sentýabr aralygynda dynç almaga gelen syýahatçylaryň sany 2 million 3 müň 946 adama ýetdi. 

Antalýada iýul aýynda başlan syýahatçylyk pudagynyň hereketlilik tapgyry bilen Antalýanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň koordinasiýasy esasynda "Howpsyz syýahatçylyk şahadatnama programmasynyň" çäginde howpsyz we saglykly dynç alyş hödürlemäge başlady. 

Deňiz, gum, gün, biri-birinden owadan aýlaglar, gaýyk turlary ýaly hyzmatlary hödürleýän Antalýa, 1-nji ýanwar-13-nji sentýabr aralygynda 2 million 3 müň 946 müň syýahatçy geldi. 

Syýahatçylaryň sanynyň epidemiýa döwründe 2 milliondan geçmegi, pudaga oňyn täsir ýetirdi. 

Antalýa 13-nji sentýabra çenli iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň arasynda Russiýa 703 müň 463 syýahatçy bilen sanawyň ilkinji ornuna mynasyp bolan bolsa, Ukraina 354 müň 518 syýahatçy bilen 2-nji oruny, Germaniýa 239 müň 673 syýahatçy bilen 3-nji oruny eýeledi. 


Etiketkalar: #pudak , #syýahatçy , #Antalýa

Degişli Habarlar