Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 2 milliona golaýlady

Gelýän syýahatçylaryň sany boýunça taýarlanan sanawynyň ilkinji orunlarda Russiýa, Ukraina we Germaniýa ýaly ýurtlaryň raýatlary bar

1489694
Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 2 milliona golaýlady

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy görülýän çäreleriň çäginde saglygy goraýyş syýahatçylyk hyzmatyny hödürleýän Antalýa, täze ýylyň başyndan başlap 10-njy sentýabra çenli 1 million 883 müň 903 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 

Dünýäniň iň möhüm gelim-gidimli syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Antalýanyň syýahatçylyk pudagy, iýul aýyndan başlap hereketlenmäge başlady. 

"Syýahatçylygyň paýtagty" diýip atlandyrylýan Antalýa 1-nji ýanwar-10-njy sentýabr aralygynda 1 million 883 müň 903 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 

Gelýän syýahatçylaryň sany boýunça taýarlanan sanawynyň ilkinji orunlarda Russiýa, Ukraina we Germaniýa ýaly ýurtlaryň raýatlary bar. 



Degişli Habarlar