Antalýa güýz paslynda hem syýahatçylary kabul etmäge dowam edýär

Antalýa şu ýylyň başyndan 15-nji noýabra çenli dynç almaga gelen syýahatçylaryň sany 3 million 356 müň 623 adama ýetdi

1529977
Antalýa güýz paslynda hem syýahatçylary kabul etmäge dowam edýär

Dünýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşýän döwründe saglykly we howpsyz syýahatçylyk hyzmatyny berýän Antalýa, noýabr aýynyň ilkinji 2 hepdesinde 79 müň 996 syýahatçy geldi. 

Deňizi, gumy, güni, biri-birinden owadan myhmanhanalary, taryhy desgalary we muzeýleri bilen deňsiz-taýsyz dynç alyş hyzmatyny hödürleýän Antalýa, koronawirus epidemiýasyna garamazdan syýahatçylaryň gelim-gidimli ýeri bolmaga dowam edýär. 

Syýahatçylar, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň koordinasiýasy esasynda başladylan "Howpsyz syýahatçylyk sertifikasiýasy programmasynyň" çäginde görülen çäreleriň saýasynda saglykly we howpsyz ýagdaýda dynç alýarlar. 

Gyş möwsümine girilmegine garamazdan Antalýa 1-15-nji noýabr aralygynda 79 müň 996 syýahatçyny kabul etdi. 

Şolaryň 56 müň 470-i Russiýadan, 4 müň 274-i Germaniýadan we 4 müň 104-i Ukrainadan geldi. 

Antalýa şu ýylyň başyndan 15-nji noýabra çenli dynç almaga gelen syýahatçylaryň sany 3 million 356 müň 623 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar