Antalýa Howa Ýoly Arkaly 2 Million 35 Müň Syýahatçy Geldi

Antalýa şu ýyl has köp syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

1831831
Antalýa Howa Ýoly Arkaly 2 Million 35 Müň Syýahatçy Geldi

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany 2 million 35 müň adamdan geçdi.

Şäherde 428 sany 5 ýyldyzly myhmanhana bar. Antalýa 680 müň adamlyk myhmanhanalary bilen dünýäniň çar tarapyndan gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, ýanwar aýynyň 1-i bilen maý aýynyň 23-i aralygynda howa ýoly arkaly şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 217 göterim artyp 2 million 35 müň 948 adama ýetdi.

Antalýa şu ýyl has köp syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

Maý aýynda 23 günde şähere 813 müň 753 syýahatçy geldi.

 

 

 



Degişli Habarlar