“Antalýa “howpsyz syýahatçyga” taýar”

Ukrainanyň Türkiýedäki İlçisi Andrii Sybiha Antalýanyň “howpsyz syýahatçyga” taýardygyny aýtdy

1447679
“Antalýa “howpsyz syýahatçyga” taýar”

Iş sapary bilen Antalýa baran Sybiha Gubernator Ersin Ýazyjy bilen duşuşdy.

Sybiha Antalýanyň şeýle owadan şäherdigini, diňe bir syýahatçylygyň däl, eýsem ekerançylygyň hem paýtagtydygyny nygtady.

Ukrainadan Antalýa uçar saparlarynyň düýn başlandygyny ýatladan Sybiha; “Howpsyz syýahatçylyk üçin Antalýada uly taýarlyk görüldi, ony syýahatçy ýaly gezip, öz gözümiz bilen görmäge mümkinçilik tapdyk” diýdi.

Birnäçe myhmanhabada 200 howpsyzlyk düzgüniniň berjaý edilýändigini görendiklerini gürrüň beren Sybiha, ukrainalylaryň Antalýa gelip dynç almaklaryny maslahat berdi.

Şäheriň deňiziniň we howasynyň ýany bilen  myhman söýerligi bilen hem ünsleri özüne çekýändigini aýdan Sybiha; “Şäheriňizde köp sanly ukrainaly ýaşaýar we jemgyýetçilik guramalaryny döredipdirler. Bärde ýaşaýan ukrainalylar bu ýeri ikinji öýleri ýaly görýärler. Bu ynamy döredeniňiz üçin sag boluň. Biz hem şähere gelýän we bärde ýaşaýan ukrainalylaryň ähli düzgünleri berjaý etmegini isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar