Antalýanyň şu ýyl 16,5 milliondan gowrak syýahatçyny kabul eder diýip garaşylýar

Türkiyäniň syýahat agentlikleri birleşmesiniň Ortaýer deňizi sebitiniň wekilçilikli geňeşiniň başlygy Ryza Perçin, 2024-nji ýylyň Antalýada rekord ýyly boljakdygyny habar berdi

2112543
Antalýanyň şu ýyl 16,5 milliondan gowrak syýahatçyny kabul eder diýip garaşylýar

Türkiyäniň syýahat agentlikleri birleşmesiniň Ortaýer deňizi sebitiniň wekilçilikli geňeşiniň başlygy Ryza Perçin rezerwasiýa görkezijileriniň oňyn ýagdaýdadygyny, Beýik Britaniýa, Polşa we beýleki Ýewropa ýurtlaryndan gelen rezerwasiýalar bilen umyt beriji möwsüme başlandyklaryny beýan etdi. 

Ryza Perçin maý aýynda rus syýahatçy bazarynyň hem artjakdygyny, hat-da geçen ýyldaky görekzijilerden geçjekdigine ynanýandyklaryny mälim etdi. 

Antalýanyň iň gowy durmuşa geçirýän ulgamynyň "ähli zady öz içine alýan" gollanmasydygyny aýdan Ryza Perçin: "Antalýa 17 milliona golaý syýahatçy geljek diýän bolsak, şolaryň 70-80 göterimi şol ulgama laýyklykda gelýär. Biz bolsa ony iň gowy durmuşa geçirýän ýurtdurys" diýip belledi. 

Antalýa geçen ýyl 15 million 689 müň 258 daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip, ähli wagtlaryň rekordyny goýupdy. 


Etiketkalar: #syýahatçy , #Antalýa

Degişli Habarlar