“ArtAnkara” 6-njy Döwrebap sungat sergisi açyldy

Sergä ýerli we daşary ýurtly 125 sungat galareýasy gatnaşýar

1377014
“ArtAnkara” 6-njy Döwrebap sungat sergisi açyldy

Ankaranyň “Kongresium” maslahatlar we sergi merkezinde geçirilen açylyş dabarasynda çykyş eden şäher häkimi Mansur Ýawaş, dürli ýurtlardan köp sanly sungat ussadyny we dürli sungat ekollaryny özünde jemleýän serginiň özünde uly täsir galdyrandygyny beýan etdi.

Ýawaş Ankarany sungatyň hem paýtagtyna öwürmegi maksat edinýändiklerini nygtady.

Serginiň däbe öwrülen “Abraý baýraklary” hem eýelerine gowşuryldy.

Türkiýäniň dürli welaýatlaryndan we daşary ýurtlardan galareýalary, muzeýleri we sungat birleşmelerini jemlän “ArtAnkara” 15-nji marta çenli Türkiýe wagty boýunça sagat 10-20 aralygynda gezilip bilner.



Degişli Habarlar