Aýdymçy Tarkan Wenada konsert programmasy bilen çykyş etdi

Tarkanyň konserdine 6 müň adam gatnaşdy

1307740
Aýdymçy Tarkan Wenada konsert programmasy bilen çykyş etdi

Aýdymçy Tarkan Awstriýanyň paýtagty Wenada konsert programmasy bilen çykyş etdi.

Ýewropa turniriniň çäginde Wena baran Tarkanyň çykyşyna uly gyzyklanma bildirildi.

Birnäçe ýyl soň Awstriýa baran Tarkan, soňky gezek 11 ýyl ozal Wena gelendigini we konsertleriniň gowy geçendigini aýtdy

Tarkanyň konserdine 6 müň adam gatnaşdy.

Tarkan “Ýolla”, “Bu gije” we  “Dudu” ýaly  täze we köne aýdymlaryny muşdaklary bilen birlikde ýerine ýetirdi.

Tarkan Şweýsariýada, Germaniýanyň Keln we Hannower şäherlerinde berjek konserdi bilen üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Ýewropa turnirine dowam eder

 

 


Etiketkalar: #Wena , #konsert , #Tarkan

Degişli Habarlar