Burak Elmas Galatasaraýyň 38-nji başlygy boldy

Klubyň 37-nji başlygy adyna eýe bolan Mustafa Jengizden wezipäni aljak Burak Elmas 3 ýyl möhlet bilen şol wezipede galar

1661642
Burak Elmas Galatasaraýyň 38-nji başlygy boldy

Stambul şäheriniň Galatasaraý liseýinde geçirilen baş geňeşde 1541 ses alan Burak Elmas başlyklyga saýlandy.

Saýlaw ýaryşyndaky beýleki dalaşgärlerden Eşref Hamamjyogly 1500 ses, Metin Öztürk 893 ses, Ýigit Şardan 682 ses, Ibrahim Özdemir bolsa 92 ses aldy. 

Klubyň 37-nji başlygy adyna eýe bolan Mustafa Jengizden wezipäni aljak Burak Elmas 3 ýyl möhlet bilen şol wezipede galar.



Degişli Habarlar