Busenaz Sürmeneli Soňky Tapgyra Gatnaşmaga Hukuk Gazandy

Milli boksçy Busenaz, soňky 16 tapgyrda 15-nji maýda ýekşenbe güni Amerikaly Amerika Melek Skoog bilen bäsleşer.

1826513
Busenaz Sürmeneli Soňky Tapgyra Gatnaşmaga Hukuk Gazandy

Halkara Boks bileleşigi tarapyndan Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirlen Bütindünýä zenanlar boks çempionadyna gatnaşan milli türgen Busenaz Sürmeneli soňky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Başakşehir Ýaşlar we sport desgalarynda geçirlen çempionadyň 4-nji gününde 66 kilogram agyrlykda soňky 32 tapgyr üçin bäsleşen dünýä we olimpiada çempiony Busenaz Italiýaly Angela Karini bilen bäsleşdi.

Busenaz, bäsleşigiň gutarmagyna 2 sekunt galanda bäsdeşiniň aýak bilegini burkmagy sebäpli emin agzalarynyň karary bilen soňky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Milli boksçy Busenaz, soňky 16 tapgyrda 15-nji maýda ýekşenbe güni Amerikaly Melek Skoog bilen bäsleşer.

 



Degişli Habarlar