Çempionlar Ligasy şu günki we ertirki duşuşyklar bilen dowam eder

UEFA Çempionlar ligasynda şu gün we retir 4 duşuşyk geçiriler

1142764
Çempionlar Ligasy şu günki we ertirki duşuşyklar bilen dowam eder

Premýer liganyň wekillerinden Mançester Ýunaýted öz meýdançasynda Pariž Sen-Žermen komandasy bilen oýnar.

Ägirtler ligasyndaky beýleki bir duşuşyk bolsa Roma bilen Portonyň arasynda bolar.

Çempionlar ligasynda çarşenbe güni hem 2 duşuşyk bolar.

Soňky çempion Real Madrid, Aýaks komandasy bilen oýnar.

La ligada 5 duşuşyk bäri ýeňilmeýän Real Madrid, üstünligini Çempionlar ligasynda hem dowam etdirmek isleýär.

Beýleki bir duşuşyk bolsa Bundesligada erbet günlerini başyndan geçirýän Şalke 04 komandasy, Guardiolanyň ýolbaşçylygyndaky Mançester Siti komandasy bilen oýnar.



Degişli Habarlar