Erdogan Kobi Braýantyň aradan çykmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Erdogan, Amerikaly ýyldyz basketbolçy Kobi Braýantyň maşgalasyna we muşdaklaryna gynanç bildirdi

1348672
Erdogan Kobi Braýantyň aradan çykmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beren gynanç ýüzlenmesinde: “Dünýä derejesinde adamlary basketbol keýpi bilen tanyşdyran we ençeme türgene ylham çeşmesi bolan ýyldyz basketbolçy Kobi Braýantyň aradan çykmagyna gynanç bildirýärin. Türkiýe Respublikasy we bir basketbol muşdagy hökmünde, maşgalasyna we muşdaklaryna çuňňur gynanç bildirýärin” diýip belledi.  

Amerikan Basketbol ligasynyň (NBA) meşhur türgenlerinden biri bolan 41 ýaşyndaky Kobi Braýant, ýekşenbe güni Kaliforniýa ştatynyň Kalabasas şäherinde ýerli wagt bilen sagat 10:00-da başyndan geçiren dikuçar heläkçiliginde aradan çykypdy.



Degişli Habarlar