Etnosport Medeniýet festiwaly Stambulda geçiriler

Etnosport Medeniýet festiwalynda 3-6-njy oktýabr aralygynda Stambulyň Atatürk howa menzilinde çaga ýaý atyjylar öz ukyplaryny görkezerler

1278939
Etnosport Medeniýet festiwaly Stambulda geçiriler

Bütindünýä Etnosport konfederasiýasy tarapyndan gurnalýan Etnosport Medeniýet festiwalynda çaga ýaý atyjylar öz taýarlyklaryny görkezerler.

Sportlaryň milli görnüşleriniň tanyşdyrylmagy we ýaýradylmagy maksady bilen şu ýyl 4-nji gezek geçiriljek Etnosport Medeniýet festiwalynda, Argentinanyň milli sporty bolan pato bilen birlikde, ýaý atmak, ýagly göreş, jalwar göreşi, guşakly göreş, aba göreşi, mas göreşi, mangala, aşyk oýnamak, atly naýza, gökböri, atdan ok atmak ýaly sportyň milli görnüşleriniň jemi 12-si gelen myhmanlara görkeziler.

Festiwalyň çäginde ýaý atjak çagalar, şu ýyl hem festiwalyň ilkinji 2 gününde öz ukyplaryny görkezerler. Festiwalyň soňky 2 gününde geçiriljek ýaryşlarda bolsa uly bäsleşikleriň bolmagyna garaşylýar.

Etnosport Medeniýet festiwaly sport we oýun bäsleşikleri bilen birlikde medeni we şüweleňli çäreleri bilen ýüz müňlerçe çagany bir ýere jemlär.  



Degişli Habarlar