Gollandiýada Türk güni ýörişi geçirildi

Gollandiýada türk medeniýetiniň tanyşdyrylmagy maksady bilen guralan “Türk fetiwalynyň” çäginde Türk güni ýörişi geçirildi

1187600
Gollandiýada Türk güni ýörişi geçirildi

Gollandiýa Türk federasiýasynyň Hoja Ahmet Ýasawy türk medeniýet we bilim merkezi tarapyndan Arnhem şäherinde 10-njysy geçirilen ýörişe taryhy harby orkestriň gatnaşmagynda dürli şäherlerden gelen köp sanly türk raýaty gatnaşdy.

Welper meýdanyndan başlanan ýöriş “Gollandiýa türk festiwalynyň” geçirilýän Presikaf seýilgähinde tamamlandy.

Ýörişden soň geçirilen dabarada iki ýurduň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmeginden soň 15-nji martda Täze Zelandiýada we düýn Şri-Lankada başdan geçirilen terror hüjümlerinde pida bolanlar üçin bir minutlyk hormatly dymyşlyk edildi.

 



Degişli Habarlar