Hytaýda robot it ýörişe çykaryldy
Robot itleriň adamlara ýoldaşlyk etmek bilen birlikde gözleg we halas ediş işlerinde hem ulanyp bolýandygy habar berildi
1759667
Hytaýyň Şanhaý şäherinde köçä ýörişe çykarylan robot ite bolan gyzyklanma örän uly boldy.
Robot itiň sekuntda 4,7 metre çenli tizlik bilen ýöräp bilýändigi we dolulygyna zarýad berileninden soň 1,5 sagat işläp bilýändigi mälim edildi.
Robot itleriň adamlara ýoldaşlyk etmek bilen birlikde gözleg we halas ediş işlerinde hem ulanyp bolýandygy habar berildi.