Ibrahim Eren TRT-niň Täze Ýaýlymlarynyň Ünsleri Özünde Jemlejekdigini Beýan Etdi

Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasynyň Başlygy Ibrahim Eren täze produksiýalaryň tomaşaçylarda uly  täsir galdyrjakdygyny aýtdy

1494540
Ibrahim Eren TRT-niň Täze Ýaýlymlarynyň Ünsleri Özünde Jemlejekdigini Beýan Etdi

Eren “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysyna täze ýaýlym tapgyry hakynda maglumat berdi.

Eren koronawirus pandemiýa döwründe tomaşaçylar we diňleýjiler üçin täze mazmunly gepleşikleri taýarlandyklaryny, täze ýaýlymlaryň hem meýilleşdirilendigini nygtap: “Täze tapgyrda tomaşaçylarymyzyň garaşýan taryhy seriallaryny ýaýlyma bereris. Taryhy seriallaryň TRT-de uly tomaşaçysy bar. Hem Türkiýede hem-de dünýäde uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şol seriallar täze gapgyrda başlaýar. Birnäçe wagtdan bäri üstünde işlenýän, hormatly aktýorlarymyz, mugallymlarymyz we abraýly režisýorlarymyz bilen düşürýän seriallarymyz bar. Şolaryň ilkinjisi “Oýanyş: Beýik Seljuk Döwleti”. Bu seriarlymyzda häzirki wagta çenli “Direliş Ertugrul” serialy bilen eýe bolan tomaşaçylarymyza Beýik Seljuk döwletiniň köşki, döreden medeniýeti hakda giňişleýin gürrüň beriler” diýdi.

Ýanwar aýynda bolsa “Barbaros” serialynyň ýaýlyma beriljekdigini aýdan Eren: “Biziň deňizçilik taryhymyz çuň. Asyrlardan gözbaş alýar. Barbaros Haýrettin Serkerde hem Oruç Reisem onuň esasy obrazlaryndan biri. İki obrazymyzam Ortaýer Deňiziniň türk kölüne öwrülen döwrüniň baş gahrymanlary. “Barbaros” bilen döwrümize parallel Mawy Watana meňzeş, şol döwürdäki öz gahrymanlarymyza tomaşa ederis.”



Degişli Habarlar