IMOB Mersin mebel sergisi açyldy

Mersiniň gubernatory Ali Ihsan Su, Ýenişehir sergi merkezindäki açylyşda eden çykyşynda, sergilerň şäherler üçin möhümdigini belledi

1187153
IMOB Mersin mebel sergisi açyldy

Sergileriň adamlaryň biri-birleri bilen aragatnaşyk saklaýan ýerlerdigini aýdan Su: "Mebel pudagy boýunça häzirki ýeten sepgidimizde esasy zerurlyk däl, eýsem bir sarp edijilik, rahatlyk serişdesi boldy. Işewür dünýä hem muny örän gowy bildi. Hytaý, ABŞ, Germaniýa, Italiýa we Britaniýa ýaly örän möhüm mebel eksportçylarynyň arasynda biziň ýurdumyz hem bar" diýdi. 

Mersiniň şäher häkimi Wahap Seçer hem sergileriň Mersin üçin ähmiýetiniň uludygyny belledi. 

CNR Holdingiň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Ali Bulut bolsa sergä Türkiýäniň çar tarapyndan 100-den gowrak firmanyň gatnaşýandygyny habar berdi. 

Sergi 28-nji aprele çenli dowam eder. 

 


Etiketkalar: #sergi , #Mersin

Degişli Habarlar