Iň täsirli 100 adamyň arasynda 6 türgen bar

Dünýäde Iň täsirli 100 adam sanawynda 6 sportsmen bar

1185838
Iň täsirli 100 adamyň arasynda 6 türgen bar

Tennisçi Naomi Osaka, ABŞ-li basketbolçy LeBron James, atletikaçy Kaster Semenýa, golfçy Tiger Wuds, futbolçylar Muhammed Salah we Aleks Morgan, Time žurnalynyň Iň täsirli 100 adamy” sanawyna girdi.

Time žurnaly tarapyndan kesgitlenen 2019-njy ýylyň iň täsirli 100 adamyň arasynda bu ýyl 6 sany türgen bar.

Amerikan Time žurnalynyň redaktorlarynyň we okyjylarynyň sesleri bilen kesgitlenýän “2019 Time 100” sanawy aýan edildi. Bilim, sungat, syýasat we sport dünýäsinden adamlaryň atlary bolan sanawda bu ýyl 6 sportsmen bar.

Sanawda tennisçi Naomi Osaka, ABŞ-li basketbolçy LeBron James, atletikaçy Kaster Semenýa, golfçy Tiger Wuds, futbolçylar Muhammed Salah we Aleks Morgan bar.  



Degişli Habarlar