Indoneziýalylaryň Türkiýä, türk milletine we türk diline bolan söýgüsi artýar
Türk seriallaryna tomaşa edýän indoneziýalylaryň Türkiýä, türk milletine we türk diline bolan söýgüsiniň artýandygy beýan edildi
Indoneziýalylar “Direliş Ertugrul”, “Paýtagt Abdulhamid” we “Mehmed Jahanyň Zabet Edijisi” ýaly türk seriallaryna internetden tomaşa edip, şolar arkaly Türkiýe bolan söýgüleriniň artýandygyny beýan edýärler.
Türk taryhy we medeniýeti hakyndaky seriallara köp tomala edilýändigini gürrüň beren döwlet gullukçysy, 43 ýaşly Muhammed Rahman, esasanda “Direliş Ertugrul” we “Paýtagt Abdulhamid” seriallaryny gowy görýändigini aýtdy.
Rahman türk taryhy hakyndaky serialar arkaly türk halkyna bolan söýgüsiniň hasam artandygyny we türk dilini öwrenmek isleýändigini nygtap, geljekde-de çagalarynyň çuň taryhy geçmişe eýe bolan Türkiýede bilim almagyny isleýändigini beýan etdi.
“UPN Weteran Žakarta” uniwersitetiniň mugallymy, 32 ýaşly Lin Fatmawati bolsa türk taryhyny, medeniýetini we halkyny söýýändigini gürrüň berip; “Tomaşa eden türk taryhy hakyndaky seriallarymyň saýasynda Osman döwletiniň gurluşy, taryhy we wakalar barada giň maglumat edindim” diýdi.