Kappadokiýada Düýeli Gezelenç Syýahatçylaryň Ünsüni Çekýär

Düýe kerwenleri syýahatçylary tebigy we taryhy gezelenje alyp gidýär

1491826
Kappadokiýada Düýeli Gezelenç Syýahatçylaryň Ünsüni Çekýär

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kappadokiýada syýahatçylar düýe bilen gezelenje çykyp, sebitiň ajaýyp panoramasyna seýil edýärler.

BMG-niň Ylymi bilim we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawynda durýan Kappadokiýada tebigy, taryhy we medeni gözellikleriň arasynda syýahatçylar üçin biri-birinden tapawutly çäreler guralýar.

Soňky ýyllarda gyzyklanma döredýän düýeli gezelenje çykýan syýahatçylar Kappadoliýadaky piramidalar we tebigy gaýa gowaklary bilen gurşalan jülgelerde gezýärler.

Sebitdäki Meskender, Güllüdere we Gyzyl jülgesinde gezelenç edýän düýe kerweni täsin görüşleri emele getirýän bolsa, syýahatçylarda-da uly täsir galdyrýar.



Degişli Habarlar