Katarlylar Mehter Toparynyň Çykyşyna Uly Gyzyklanma Görkezdi

Ilçi Mustafa Göksu, Katarda türk medeniýetine bolan gyzyklanmanyň gün saýyn artýandygyny nygtady.

2109041
Katarlylar Mehter Toparynyň Çykyşyna Uly Gyzyklanma Görkezdi

Kataryň paýtagty Dohada Mehter toparynyň çykyşyna uly gyzyklanma görkezildi.

Türkiýäniň Katardaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde geçirlen çärede Bursanyň şäher häkimliginiň Mehter topary çykyş etdi.

Medeni çäräniň geçiriljek ýeri bolan taryhy Suk meýdany aý-ýyldyzly baýdaklar bilen bezeldi.

Katarlylar Mehter toparynyň çykyşyna uly gyzyklanma görkezdi.

Türkiýäniň Dohadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Göksu, Katarda türk medeniýetine bolan gyzyklanmanyň gün saýyn artýandygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar