Konýaspor Fenerbahçe komandasyndan üstün çykdy

Ittifak Holding Konýaspor, Super liganyň 26-njy hepdesinde Fenerbahçe komandasyny 1-0 hasabynda ýeňdi

1378474
Konýaspor Fenerbahçe komandasyndan üstün çykdy

42-nji minutda Bažiçiň garşydaş komandanyň derwezesine geçiren pökgüsi bilen Konýaspor 1-0 hasaby bilen öňe geçdi.

67-nji minutdaky Fenerbahçe toparynyň hüjüminde Deniz Türüçi ýykan Skubiç, 2-nji sary kart almagyndan soň oýundan çykmaga mejbur galdy.

Bu pozisiýa boýunça emin agzanyň kararyna nägilelik bildiren Konýaspor komandasynyň baş tälimçi Bülent Korkmazada oýunyň emin agzasy Hüseýin Göçek sary kart görkezdi.

77-nji minutda Deniz Türüçi ýere ýykan Ömer Ali Şahiner hem 2-nji sary karty almagyndan soň oýundan çykmaga mejbur galdy.

Duşuşygyň galan wagtynda bolsa gol bolmady we meýdançanyň eýesi Ittifak Holding Konýaspor, oýunyň soňky bölegini 9 bolup oýnan duşuşygynda üstün çykdy.


Etiketkalar: #Konýaspor , #Fenerbahçe

Degişli Habarlar