Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär

“Emerald Azzurra” we “Star Flyer” gämileri bilen Muglanyň Bodrum etrabyna 202 syýahatçy geldi.

1824951
Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär

Bahamanyň baýdagyny göterýän “Emerald Azzurra” we Maltanyň baýdagyny göterýän “Star Flyer” gämileri bilen Muglanyň Bodrum etrabyna 202 syýahatçy geldi.

Bodrum gelen Bahamanyň baýdagyny göterýän 110 metrlik “Emerald Azzurra” gämisiniň 84 ýolagçysy we 70 ekipažy bar.

Kruiz gämisiniň Britaniýaly we Amerikaly ýolagçylary Paşatarlasy, Kumbahçe we Jumhuriýet köçesinde ýörediler we sowgatlyk aldylar.

Maltanyň baýdagyny göterýän 72 metrlik “Star Flyer” gämisi hem esasy bölegi Amerikaly, Britaniýaly we Germaniýaly 118 ýolagçysy we 69 ekipažy bilen Rodosdan Bodruma geldi.

 

 


Etiketkalar: #kruiz , #syýahatçylyk , #Bodrum

Degişli Habarlar