Kuşadasyna möwsümiň ilkinji kruiz gämisi geldi

Maltanyň baýdagyny göterýän gämi 675 ýolagçysy bilen Kuşadasynyň Ege portuna geldi

1373431
Kuşadasyna möwsümiň ilkinji kruiz gämisi geldi

 

Aýdynyň Kuşadasy portuna möwsümiň ilkinji kruiz gämisi geldi.

Maltanyň baýdagyny göterýän gämi esasy bölegi Amerikaly we Britaniýaly bolmak bilen 675 ýolagçysy bilen Kuşadasynyň Ege portuna geldi.

Ýolagçylar portda termal kameralardan geçenden soň şähere girdi.

Ýolagçylaryň bir bölegi Efes we Bibi Merýem gezelenjine çykdy.

2020-njy ýylda Kuşadasy portuna 300-den gowrak krusiz gämisi bilen 350 müň syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #ýolagçy , #kruiz , #Kuşadasy

Degişli Habarlar