Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany 531-e Ýetdi

Ministr Ersoý, 2023-nji ýylda mawy baýdakly plýažlaryň sany taýdan dünýäde birinji orny eýelemegi maksat edinýändiklerini belledi.

1829666
Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany 531-e Ýetdi

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Mawy baýdakly plýažlaryň sanynyň 531-e ýetendigini aýtdy.

Ministrlikden berlen beýannama görä, ministr Ersoý, Türkiýäniň, Ispaniýadan we Gresiýadan soň dünýäde mawy baýdakly plýažlaryň sany taýdan 3-nji orny eýeleýändigine ünsi çekdi.

Şu ýyl mawy baýdakly plýažlaryň sanynyň 531-e ýetendigini aýdan ministr Ersoý, 2023-nji ýylda mawy baýdakly plýažlaryň sany taýdan dünýäde birinji orny eýelemegi maksat edinýändiklerini belledi.

Mawy baýdakly plýažlaryň sany Antalýada 229-a, Muglada 111-e, Mersinde 11-e, Kyrklarelinde 2-ä we Sakarýada 2-ä ýetdi.

Izmirde, Balykesirde, Samsunda, Çanakkalede, Kojaelinde, Bartynda, Stambulda, Orduda we Wanda bolsa geçen ýylky mawy baýdakly plýažlaryň sany öz ýerini gorap saklady.

Medeniýet we syýahaýçylyk ministrliginiň Antalýadadaky Lara 1 we Lara 2, Manawgat, Beldibi we Çamýuwa halk plýažlary bilen Muglanyň Marmaris etrabyndaky Içmeler halk plýažy hem şu ýyl mawy baýdak almaga hukuk gazandy.



Degişli Habarlar