Maxx Royal Cup Golf turnirinde Rejep Turan çempion boldy

Antalýa welaýatynda geçirilen Maxx Royal Cup Golf turnirinde çempion, türk türgen Rejep Turan boldy

1103329
Maxx Royal Cup Golf turnirinde Rejep Turan çempion boldy

 

 

Sylag berilşik dabarasyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.

Çawuşogly sylag berilşik dabarasyndan ozal beren beýanatynda, 21 ýurtdan 136 golfçyny Antalýada myhman etmekden hoşaldyklaryny aýan etdi.

Serik etrabyndaky Belek syýahatçylyk merkezinde ýerleşýän Montgomerie Maxx Royal Golf klubynyň golf meýdançasynda şu ýyl 3-nji gezek geçirilýän ýaryşda birinji oruna türk türgen Rejep Turan mynasyp bolan bolsa, 2-nji oruna nemes Kristian Finke, 3-nji oruna bolsa rus Andreý Maýatskiý mynasyp boldy.



Degişli Habarlar