Pälwan Süleýman Karadeniz altyn medalyň eýesi boldy

Süleýman Karadeniziň medaly Türkiýäniň 2020 Ýewropa Göreş çempionadynda gazanan ilkinji we ýeke-täk altyn medaly boldy

19 Mart 2020 09:01

Milli göreşçi Süleýman Karadeniz, Italiýanyň paýtagty Rimde geçirilýän Ýewropa göreş çempionadynda erkekleriň arasynda erkin göreş boýunja 92 kilogram agyrlykda bäsleşdi.

Süleýman Karadeniz final bäsleşiginde Şweýsariýaly  Samuel Sjherreri bilen bäsleşdi.

Bäsdeşini 3-0 hasabynda ýeňen Süleýman Karadeniz altyn medalyň eýesi boldy.

Ýewropanyň çempiony bolan Süleýman Karadeniziň medaly Türkiýäniň 2020 Ýewropa Göreş çempionadynda gazanan ilkinji we ýeke-täk altyn medaly boldy.