Pamukgala 240 Müň Syýahatçy Baryp Gördi

Deňizli welaýatynyň belli syýahatçylyk merkezi Pamukgala ýylyň 4 aýynda 240 müň ýerli we daşary ýurtly syýahatçy baryp gördi.

1822418
Pamukgala 240 Müň Syýahatçy Baryp Gördi

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk destinasiýalaryndan biri blolan, BMG-niň ylym, bilim we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Miras sanawynda durýan Pamukgala myhmanlaryny kabul edýär.

Medeni we taryhy baýlyklary bilen ünsleri özünde jemleýän Pamukgala dünýäniň çar tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Syýahatçylar ak trawertenleriň üstünden we taryhy ýadygärlikleriň arasyndan geçip, “Kleopatra howuzy” atlandyrylýan hem-de ýylyň 4 paslynda 36 gradus ýylylygy bolan antiki howuzda suwa düşünýärler.

Sebitdäki ýyly howa şary we eňňit paraşýuty hem deňsiz panorama syn etmage şert döredýär.

2020-nji ýylda Pamukgala 1-nji ýanwar-18-nji mart aralygynda 151,268 adam baryp görüpdi.

Geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy apreli aralygnda bolsa 100,045 adam, üstümizdäki ýylyň degişli döwründe bolsa 240,883 adam Pamukgala baryp gördi.



Degişli Habarlar