Pamukkale 10 aýda 2 million 357 müň syýahatçy geldi

Uzak Gündogar ýurtlaryndan we Russiýadan gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar

1305821
Pamukkale 10 aýda 2 million 357 müň syýahatçy geldi

 

Denizli welaýatynda ýerleşýän gadymy galyndylary we şypaly suwlary bilen dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan Pamukkale üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe 2 million 357 müň syýahatçy geldi we uly rekord goýuldy

Denizli welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä 2018-nji ýylda Pamukale 2 million 128 müň 880 syýahatçy gelen bolsa şol san üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe 2 million 357 müň 152 adama ýetdi.

Şu ýyl Uzak Gündogar ýurtlaryndan, Russiýadan, Germaniýadan we Günorta Amerikadan  Pamukkale gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar

 

 

 



Degişli Habarlar