Paýtagtyň Medeniýet Ýoly Festiwaly 28-nji Maýda Başlaýar

Paýtagt Ankaranyň taryhy we döwrebap özbolyşlyklaryny tanyşdyrmak üçin guralan “Paýtagtyň medeniýet ýoly festiwaly” 28-nji maýda başlaýar.

1833539
Paýtagtyň Medeniýet Ýoly Festiwaly 28-nji Maýda Başlaýar

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berilen beýannama görä Ankaranyň taryhy we döwrebap özbolyşlyklaryny görkezýän 70-den gowrak nonatda 1500-den fowrak sungat ussadyň gatnaşmagynda we 300-den gowrak çäräni özünde jemleýän festiwal, taryhy we döwrebap medeni baýlyklary tanyşdyrmak, paýtagtyň eý ebolan medeni mirasyny dünýäniň gün tertibine getirmek üçin guralýar.

Döwlet teatrlarynyň ýörite çykyşlary festiwalyň dowamynda sungaty söýüjileriň dykgatyna ýetiriler.

Festiwalyň çäginde simfoniýa orkestrlaryndan tansly çykyşlara, heýkeltaraşlykdan teatr sahnalaryna, edebiýat agşamlaryndan çagalar üçin niýetlenen çarelere, sungat ussatlary we kuratorlar tarapyndan taýýarlanan sergilerden kino-film görkezlişlerine uly möçberde meýilleşdirilen medeni-sungat çareleri 12-nji iýuna çenli dowam eder.



Degişli Habarlar