Rus hassalar Türkiýäniň şypaly suwlarynda derdine derman tapar

2019-njy ýylda Russiýadan 100 müň rus syýahatçynyň saglyk turizmi üçin Türkiýä gelmegi meýilleşdirýär

1146627
Rus hassalar Türkiýäniň şypaly suwlarynda derdine derman tapar

Türkiýäniň ýyly suwly berjeriş saglyk pudagynyň wekilleri şu ýyl saglyk turizminde 100 müň rus syýahatçyny myhman almagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda esasy orun eýeleýän ýurtlardan biri bolan Russiýadan saglyk turizmi üçin has köp syýahatçynyň gelmegi maksat edinilýär

Rus hassalar indi Türkiýäniň şypaly suwlaryndan derdine derman tapar

Ýyly suwly bejeriş saglyk we syýahatçylyk jemgyýetiniň başlygy Ýawuz Ýylyk mesele hakynda beren beýanatynda, saglyk turizminiň çäginde gelen syýahatçylaryň azyndan 14-28 gün Türkiýede galýandyklaryna ünsi çekdi.

Geçen ýyl 2 million rus syýahatçynyň Türkiýä gelendigini ýatladan Ýylyk, şolardan 10 müň syýahatçynyň ýyly suwly bejeriş we saglyk turizmi üçin gelendigini belledi.

Türkiýäniň soňky 15 ýylda ýyly suwly bejeriş we saglyk turizmi pudagynyň uly öňe gidişik edendigini aýdan Ýylyk, Russiýada Türkiýäniň saglyk turizminiň ýakyndan tanyşdyrylýandygyny nygtady.

Ýylyk 2019-njy ýylda Russiýadan 100 müň rus syýahatçynyň saglyk turizmi üçin Türkiýä gelmegini meýilleşdirýändiklerine ünsi çekdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #saglyk , #syýahatçy , #Russiýa

Degişli Habarlar