Rus žurnalist Nobel sylagyny ukrainaly bosgun çagalar üçin satdy

2021-nji ýylda Nobel Parahatçylyk sylagyna laýyk görülen rus žurnalist Dmitriý Muratow, sylagyny ukrainaly bosgun çagalar üçin 103,5 million dollara satdy

1846299
Rus žurnalist Nobel sylagyny ukrainaly bosgun çagalar üçin satdy

"Heritage Auctions" atly auksion merkezi, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Dmitriý Muratowyň Nobel sylagyny satuwa çykardy. 

Rus žurnalist Dmitriý Muratowyň ukrainaly çagalar üçin satuwa çykaran 2021-nji ýylda Nobel Parahatçylyk sylagy 103,5 million dollara satyldy. 

Muratow satuw işlerinden soň beren beýanatynda: "Örän uly raýdaşlyk boljakdygyny çak edýärin, emma bular ýaly uly mukdara satyljakdygyny pikir etmeýärdim" diýip habar berdi. 

Sylagdan alynjak girdejiniň ÝUNISEF-iň üsti bilen ukrainaly çagalaryň peýdasyna ulanyljakdygy aýan edildi. 

Rus žurnalist Muratowyň 103,5 million dollara satan Nobel sylagy, Jeýms Watsonyň 2014-nji ýylda 4,74 million dollara satylan sylagyndan hem geçip, rekord derejä satyldy. 

"Heritage Auctions" atly auksion merkezi Nobel sylagyny alan alyjynyň şahsyýetini aýan etmedi. 

Muratow 1993-nji ýylda rus Nowaýa gazeta atly gazediň esaslandyryjylarynyň biridi. 

Nobel komitedi: "Nowaýa gazedi şu günki gün Russiýanyň iň garaşsyz gazedi we hökümede garşy esasda tankydy pozisiýa eýeleýär" diýip aýdypdy. 



Degişli Habarlar