Russiýa Bilen Uçar Saparlary 22-nji Iýunda Başlar

“Geçirlen barlaglar netijesinde Türkiýe bilen ähli uçuşlaryň 22-nji iýunda ýaňadandan başlamagy üçin karar kabul edildi”

1661009
Russiýa Bilen Uçar Saparlary 22-nji Iýunda Başlar

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Russiýanyň 22-nji iýundan başlap Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky uçar saparynyň ýaňadandan başlamagy hakyndaky kararynyň, howpsyz syýahatçylyk taýdan Türkiýä bolan ynamyň görkezijidigini nygtady.

Ersoý, Russiýanyň Türkiýe bilen uçuşlaryň ýaňadandan başlamagy hakyndaky karary barada Twitterden beren habarnamasynda “Russiýanyň 22-nji iýundan başlan ýurdumyz bilen uçuşlary ýaňadandan başlatmagy howpsyz syýahatçylyk taýdan ýurdumyza bolan ynamyň görkezijisidir” diýdi.

Russiýanyň Wise-premýeri Tatýana Golikowa, düýn paýtagt Moskwada wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly metbugata beren beýannamasynda, uçuşlaryň ýaňadandan başlamagy üçin Türkiýä giden rus wekiliýetiniň öz işini tamamlandygyny mälim edipdi.

Türk ýolbaşçylarynyň, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy degişli çäreleri görendigini nygtan Golikowa, “Rus wekiliýetiniň geçiren barlaglaryna görä, Türkiýede maska dakylmagyna uly üns berilýär we berk gözegçilik edilýär” diýdi.

Türkiýedäki syýahatçylyk desgalarynda işleýänleriň sanjymlama tapgyrynyň hem üstünlikli geçendigine ünsi çeken Golikowa, “Geçirlen barlaglar netijesinde Türkiýe bilen ähli uçuşlaryň 22-nji iýunda ýaňadandan başlamagy üçin karar kabul edildi” diýipdi

Beýleki tarapdan Türkiýede şu ýyl 7 milliona golaý rus syýahatçynyň dynç almagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar