Russiýadan Antalýa ilkinji syýahatçylar geldi

Russiýadan ilkinji syýahatçy topar, şu gün syýahatçylygyň paýtagty Antalýa welaýatyna geldi

1662393
Russiýadan Antalýa ilkinji syýahatçylar geldi

Koronawirus epidemiýasy sebäpli Russiýa tarapyndan Türkiýä 15-nji aprelde başladylan uçar sapar çäklendirmesi 22-nji iýunda bes edilipdi. 

Şoňa laýyklykda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki Wnukowa howa menzilinden ýola çykan Türk howa ýollaryna degişli uçar, 132 ýolagçy bilen Türkiýäniň wagty bilen sagat 05:40-da Antalýa howa menziline geldi. 

Uçardan çykan syýahatçy topar, ýylylyk ölçeýän kameralardan geçip, howa menziline girdiler. 

Pasport işlerinden soň koronawirus epidemiýasyna garşy görülen öňüni alyş çäreleri çäginde goşlaryny alan syýahatçylar, awtobuslar bilen galjak myhmanhanalaryna tarap ugradylar. 

Şu gün Russiýadan 44 uçar bilen jemi 12 müňden gowrak syýahatçynyň Antalýa gelmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar