Şanlyurfa ÝHG-nyň 2023-nji ýylyň syýahatçylyk şäheri hökmünde saýlandy

Şanlyurfa YHG-nyň 11-nji Syýahatçylyk ministrleriniň maslahatynda 2023-nji ýylyň syýahatçylyk şäheri hökmünde saýlandy

1849369
Şanlyurfa ÝHG-nyň 2023-nji ýylyň syýahatçylyk şäheri hökmünde saýlandy

Türkiýäniň Şanlyurfa şäheri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 11-nji Syýahatçylyk ministrleriniň maslahatynda "2023-nji ýylyň Syýahatçylyk şäheri" hökmünde saýlandy.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berilen beýanata görä, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň 11-nji Syýahatçylyk maslahaty Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirildi. 

Türkiýä Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Özgül Özkan Ýawuzyň wekilçilik eden maslahatda, Türkiýäniň Şanlyurfa şäheri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 11-nji Syýahatçylyk ministrleriniň maslahatynda "2023-nji ýylyň Syýahatçylyk şäheri" hökmünde saýlandy.

Özbegistanyň Hywa şäheri bolsa 2024-nji ýylyň Syýahatçylyk şäheri hökmünde saýlandy. 



Degişli Habarlar