Stambul howa menzili 4-nji gezek "Ýylyň howa menzili" hökmünde saýlandy

Stambul howa menzili "Air Transport Awards" sylaglarynyň çäginde 4-nji gezek "Ýylyň howa menzili" hökmünde saýlandy

2116893
Stambul howa menzili 4-nji gezek "Ýylyň howa menzili" hökmünde saýlandy

Gresiýanyň Ekali şäherinde geçirilen dabarada, sylag Stambul howa menziliniň dolandyryjysy IGA-nyň ýolbaşçysynyň wekili Selahattin Bilgene gowşuryldy. 

Şeýlelik bilen 2021, 2022 we 2023-nji ýyllarda bütin dünýäde bäsdeşlerinden geçip, "Ýylyň howa menzili" hökmünde saýlanan Stambul howa menzili yzly-yzyna 4-nji gezek baýraga laýyk görüldi. 

Sylaglama dabarasynda çykyş eden Selahattin Bilgen 4 müňden gowrak gatnaşyjynyň sesi bilen bu sylaga yzyly-yzyna 4-nji gezke laýyk görülmegiň özleri üçin buýsandyryjydygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #sylag , #howa menzili , #Stambul

Degişli Habarlar