Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili Bolmagynda Galýar

Stambul howa menzili günde ortaça 1321 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy

2112296
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili Bolmagynda Galýar

Stambul howa menzili fewral aýynyň 26-njy fewral-3-nji mart aralygynda günde ortaça 1321 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy.

Eurokontrolyň fewral aýynyň 26-njy fewral-3-nji mart aralygyndaky görkezijilerine görä, Stambul howa menzili ady agzalýan döwürde günde ortaça 1321 uçar sapary bilen Ýewropanyň in gelim-gidimli howa menzili boldy.

Stambul howa menzilinden soň gündelik 1283 uçar sapary bilen Londonyň Heatrou howa menzili ikinji, 1266 uçar sapary bilen Amsterdam Shiphol howa menzili üçünji, 1169 uçar sapary bilen Pariž Şarl de Goll howa menzili dördünji we 1131 uçar sapary bilen Frankfurt howa menzili bäşinji orny eýeledi.



Degişli Habarlar