Tanymal Pälwan Reşit Karabajak Kowid-19 Sebäpli Ýogaldy

Reşit Karabajak, Bursada koronawirus sebäpli 66 ýaşynda ýogalýar

1531124
Tanymal Pälwan Reşit Karabajak Kowid-19 Sebäpli Ýogaldy

 

Ýewropa we dünýä çempionatlarynda gazanan üstünlikleri bilen Türkiýäni buýsandyran we Kyrkpynarda göreşen milli ýygyndynyň türgenleşdirijisi Reşit Karabajak 66 ýaşynda ýogaldy.

Bursada täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalan Karabajak, 1954-nji ýylda Erzurymyň Ýakutiýe etrabynda dünýä inýär.

Erzurumda göreşmäge başlan Karabajak soň işlemek üçin İzmire gidýär.

Reşit Karabajak 1973-nji ýylda İzmir Tekel sport toparynda göreşmäge başlaýar.

Soň Bursa Tofaş SAS göreş toparynda göreşmäge başlan Reşit Karabajak, gazanan üstünlikleri bilen ünsleri özüne çekýär.

Karabajak 1973-nji ýylda Ýuwaslawiýada 68 kilogram agyrlykda erkin göreş boýunça geçirlen Balkan çempionadynda 5-nji bolýar.

Göreş bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri we adamkärçiligi sebäpli “altyn adam” hökmünde tanalmaga başlan Reşit Karabajak, 1974-nji ýylda Ankarada geçirlen Balkan çempionadynda erkin göreş boýunça 74 kilogram agyrlykda çempion bolýar.

1983-nji ýylda Marokkoda geçirlen Ortaýer deňizi oýunlarynda  74 kilogram agyrlykda çempion bolan Reşit Karabajak, şol ýyl 82 kilogram agyrlykda Wengriýada hem Ýewropanyň çempiony bolýar.

Karabajak 1987-nji ýylda Siriýada geçirlen Ortaýer deňizi oýunlarynda erkin göreş boýunça 90 kilogram agyrlykda çempion bolýar.

Türkiýäniň milli ýygyndysynyň türgenleşdirijisi Reşit Karabajak, Bursada koronawirus sebäpli 66 ýaşynda ýogalýar.



Degişli Habarlar