Taryhy köşklere baryp gören ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär

2019-njy ýylda köşklere baryp gören syýahatçylaryň sany 27 göterim artdy

1333618
Taryhy köşklere baryp gören ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär

Taryhy köşklere baryp gören ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

Milli köşkler edarasy tarapyndan berlen beýanata görä, 2019-njy ýylda köşklere baryp gören syýahatçylaryň sany 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 27 göterim artyp, 1 million 430 müňden 1 million 815 müň adama ýetdi.

Daşary ýurtly syýahatçylaryň sany bolsa 43 göterim artyp 700 müňden 1 million adama ýetdi.

Stambuldaky Dolmabahçe köşgüne 915 müňi daşary ýurtly bolmak bilen 1 million 306 müň adam baryp gördi.

Beglerbegi köşgüne bolsa 173 müň 415, Yhlamur köşgüne bolsa 85 müň adam baryp gördi.

Taryhy köşklere baryp gören daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda İspaniýa 1-nji, İtaliýa 2-nji, Gresiýa bolsa 3-nji orny eýeledi.

 

 



Degişli Habarlar