Taryhyň ilkinji köp gatly jaýy Awdalaz galasy...

3 müň ýyllyk geçmişe eýe bolan Frigiýa jülgesinde gaýalyguň oýulyp gurulan 5 gatly Awdalaz galasy, binagärçilik gurluşy bilen ünsleri özüne çekýär

1587801
Taryhyň ilkinji köp gatly jaýy Awdalaz galasy...

Afýonkarahisar, Eskişehir we Kütahýa welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýän Frigiýa jülgesiniň Afýonkarahisaryň Ihsaniýe etrabynyň Aýazini obasynyň çäginde ýerleşýän Awdalaz galasy, esasan hem gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. 

Gaýalygyň oýulyp gurulan köp gatly we köp otagly gaýalygyň öz döwründe ýaşaýyş ýeri hökmünde ulanylandygy bilinýär. 

Takmynan 30 metr beýikligindäki gurluşa merdiwan bilen içinden çykylýar. 

Köp gatly gurluşy bilen taryhyň ilkinji köp gatly jaýy bolan gurluşyň Frigiýa zamanynda gala hökmünde ulanylandygy bilinýär. 

 



Degişli Habarlar